Amerikanyň Pfizer farmasewtik kompaniýasy Hytaýyň Starna Therapeutics kompaniýasy bilen immun ulgamynyň kesellerini bejermek üçin niýetlenen üç sany täze CAR-T terapiýasynyň hukuklaryny satyn almak barada ylalaşyk baglaşdy.
Ylalaşyga görä, Pfizer 330 mln dollar başlangyç tölegini geçirer. Goşmaça tölegler bilen şertnamanyň umumy bahasy 2,63 mlrd dollara ýetip biler.
Bu taslamalar näsagyň bedenindäki immun öýjüklerini gönüden-göni gaýtadan sazlamaga mümkinçilik berýän in vivo usulyna esaslanýar. Starna genetiki maglumatlary öýjüklere ýetirmek üçin RNT-den we lipid nanobölejiklerinden peýdalanýar.
Pfizer kontinental Hytaýdan, Gonkongdan, Makaodan we Taýwandan başga ähli ýerde bu üç dermany işläp taýýarlamak, öndürmek hem-de satmak boýunça aýratyn hukuklara eýe bolar. Geljekde kompaniýa bu hukuklary agzalan sebitlere-de giňeldip biler.
Pfizer täze derman serişdeleriniň kliniki barlaglaryny hem geçirer. Bu maksat bilen zerur bolan ilkinji derman nusgalaryny kompaniýanyň ABŞ-daky önümçilik kärhanalarynda taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda işläp taýýarlamanyň üçüsi hem kliniki barlaglardan öňki tapgyrdadyr.
Adaty CAR-T-bejergide näsagyň immun öýjükleri bedeninden alnyp, barlaghanada üýtgedilýär we soňra ýene-de onuň bedenine goýberilýär. Bu usula ex vivo diýilýär. In vivo usulynda bolsa immun öýjüklerini üýtgetmek işi gönüden-göni näsagyň bedeniniň içinde amala aşyrylýar.
Häzirki wagta çenli in vivo CAR-T tehnologiýasy esasynda döredilen dermanlaryň hiç biri-de resmi taýdan tassyklanylmady.
Pfizer bu tehnologiýanyň häzirki bejeriş usullary ýeterlik netije bermeýän immun ulgamynyň kesellerine garşy täze derman serişdelerini döretmäge kömek etjekdigine bil baglaýar. Şeýle hem RNT esasly derman serişdelerini işläp taýýarlamakda toplan tejribesini täze taslamalary ösdürmek üçin ulanmagy göz öňünde tutýar.
Ylalaşykda Starna kompaniýasynyň tehnologiýasyny immunologiýa, gaýnaglama we onkologiýa kesellerini bejermekde ulanmak mümkinçiligi hem bellenilýär. Mundan başga-da, Pfizer kompaniýalaryň bilelikdäki aýratyn ylmy gözlegleriniň çäklerinde dörediljek beýleki maddalara-da aýratyn ygtyýarnama alyp biler.
Şu ýyl iri farmasewtik kompaniýalarynyň in vivo CAR-T tehnologiýasyna bolan gyzyklanmasy ep-esli artdy. Amerikanyň Eli Lilly kompaniýasy bu ugurda işleýän Kelonia Therapeutics we Orna Therapeutics atly iki kompaniýany satyn aldy. Ýene bir amerikan kompaniýasy Kyverna Therapeutics bolsa immun ulgamynyň keselini bejermek üçin niýetlenen ilkinji CAR-T derman serişdesiniň ulanylyşyna ygtyýarnama almak boýunça ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginiň (FDA) kararyna garaşýar.
Starna Therapeutics kompaniýasy 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Ol öýjük tehnologiýalaryndan başga-da, howply täze döremelere garşy mRNT sanjymlaryny we respirator-sinsitial ýokanjyna garşy sanjymy işläp taýýarlaýar. Şu ýylyň maý aýynda ýaş kompaniýa maýa goýujylardan 44 mln dollar serişde çekmegi başardy.