Russiýada koronawirusyň dürli görnüşlerine garşy sanjym döredildi

Şu gün, 19:50273

Rus alymlary koronawirusyň häzirki wagta çenli belli bolan ähli görnüşlerine, şol sanda «delta», «omikron» we işläp düzüjileriň «supermutant» diýip atlandyrýan PJ.2.1 görnüşine garşy täsirli bolmagy göz öňünde tutulýan sanjymy taýýarladylar.

Bu derman serişdesi Gamaleýa merkeziniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. Poliwaksinanyň düzüminde wirusyň üç görnüşiniň — Uhan ştamynyň, «delta» we «omikron» görnüşleriniň antigenleri bar. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, şeýle düzüm COVID-19-yň dürli görnüşlerinden goramaga ukyplydyr.

Mundan başga-da, döredijiler bu sanjymyň koronawirusyň geljekde ýüze çykyp biläýjek täze genetiki görnüşlerine hem garşy täsirini saklap galjakdygyna umyt edýärler.

Gamaleýa merkeziniň molekulýar anyklaýyş barlaghanasynyň ýolbaşçysy Tatýana Grebennikowanyň Izwestiýa neşirine beren maglumatyndan çen tutsaň, sanjym eýýäm ulanylmaga taýýar.

Häzirki wagtda hünärmenler bu dermanyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak üçin hyzmatdaş gözleýärler.