ABŞ agta siňekleri köpeltmek üçin 610 million dollar bölüp berdi

Düýn, 14:313,560

ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýyly ganly haýwanlara zeper ýetirýän mugthora garşy göreşmek maksady bilen agta siňekleri köpçülikleýin köpeltmek üçin bahasy 610 million dollar bolan kärhana gurulýar. Bu barada «Reuters» habar berýär.

Gürrüň amerikan Täze Dünýä et siňegi (Cochliomyia hominivorax) barada barýar. Bu görnüşiň urkaçylary haýwanlaryň açyk ýaralaryna ýumurtga taşlaýar. Ýumurtgalardan çykýan liçinkalar bolsa janly dokumalar bilen iýmitlenýär. Wagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda, bu mugthor haýwanyň heläk bolmagyna getirip biler. Olar iri şahly mallara, geçilere, atlara we öý haýwanlaryna, seýrek ýagdaýlarda bolsa adamlara hem ýokuşýar.

Bu mugthorlara garşy göreşmek üçin agta erkek siňeklerden peýdalanylýar. Sebäbi olar ýabany urkaçy siňekler bilen jübütleşensoňlar nesil emele gelmeýär. Şeýle mör-möjekleriň yzygiderli tebigata goýberilmegi, mugthorlaryň sanynyň kem-kemden azalmagyna ýardam edýär.

Edinburg şäherindäki Mur harby bazasynyň çäginde gurulýan täze kärhanany 2027-nji ýylyň ýazynda işe girizmek meýilleşdirilýär.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi 2026-njy ýylyň martynda şeýle kärhanany gurmak boýunça «MA Mortenson» kompaniýasy bilen şertnama baglaşylandygyny habar beripdi.

Häzirki wagtda ABŞ-da agta siňekleri köpeldýän kärhana ýok. Şonuň üçin ýurt bu mör-möjekleri Panamadan we Meksikadan almaly bolýar. Iki ýurduň kärhanalary bilelikde hepdede, takmynan, 150 million siňek köpeldýär.

Tehasda mallaryň bu mugthorlar bilen kesellemeginiň ilkinji ýagdaýlary 2026-njy ýylyň iýunynda ýüze çykaryldy. Agta siňekleriň köpçülikleýin köpeldilmegi mugthoryň mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almaga kömek etmelidir.