Neuralink adama gepleşmek ukybyny gaýtaryp berdi: Onuň beýnisine emeli aň birikdirildi

Düýn, 18:551,614
1 / 2

Neuralink kompaniýasy N1 beýni implantynyň täze mümkinçiliklerini görkezdi. Ol agyr gepleýiş bozulmalary bolan adama Grok emeli aň agentini dolandyrmaga, telefon arkaly jaň etmäge we iPhone-da ellerini ulanmazdan habar ýazmaga mümkinçilik berýär. Bu hereketleri ýerine ýetirmek üçin ýörite buýrugy pikir arkaly aýtmak ýeterlikdir.

Täze funksiýalar geplemek ukybyny ýitiren adamlaryň aragatnaşyk mümkinçiliklerini dikeltmäge gönükdirilen VOICE kliniki barlagynyň çäklerinde synagdan geçirildi. Görkezilişe gatnaşan näsaglaryň biri sesli geplemezden we fiziki klawiaturany ulanmazdan daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk saklamagy başardy. Bu çözgütler Neuralink hünärmenleriniň näsagyň öýünde geçiren 72 sagatlyk inženerçilik marafonynyň dowamynda işlenip düzüldi.

Funksiýalaryň biri «Hey Neuralink» diýen söz düzümini pikir arkaly aýtmak bilen Grok-y işe girizmäge, soňra bolsa emeli aň ulgamyna ýumuş tabşyrmaga mümkinçilik berýär. Implant bu sözleri aýtmaga synanyşyk bilen baglanyşykly beýni işjeňligini hasaba alýar we buýrugy kompýuterde zerur hereketleri özbaşdak ýerine ýetirýän emeli aň agentine geçirýär.

Mundan başga-da, inženerler gepleýiş işjeňligini kesgitlemek ulgamyny awtomatlaşdyrdylar. Ozal ulanyjy beýni signallarynyň ýazgysyny başlatmak we tamamlamak üçin düwmäni el bilen basmaly bolýardy. Indi algoritm geplemek niýetini özbaşdak tanap, maglumatlaryň işlenilmegini başlaýar ýa-da togtadýar.

Ýene bir täzelik sintezlenen sesi telefon arkaly gepleşik wagtynda gönüden-göni iPhone-yň mikrofonynyň ses ulgamyna geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň netijesinde söhbetdeşiň eşidýän sözleri beýni signallarynyň esasynda kompýuter tarapyndan döredilýär. Synaglaryň dowamynda gatnaşyjylaryň biri aýalyna jaň edip, onuň bilen söhbetdeş bolmagy başardy.

Mundan başga-da, işläp düzüjiler beýni signallarynyň kömegi bilen iOS programmalaryna tekst girizmek mümkinçiligini goşdular, tanamakdaky ýalňyşlyklary düzetmegi çaltlaşdyrdylar we gepleýiş interfeýsini telefonyň gulplama ekranyndan işe girizmek mümkinçiligini döretdiler.

Bu funksiýalaryň ählisi häzirlikçe synag tapgyrynda galýar. Neuralink signallary tanamagyň takyklygy we buýruklary işlemek tizligi boýunça anyk görkezijileri aýan etmedi.

VOICE barlagy amiotrofik lateral skleroz, oňurga ýiliginiň şikeslenmegi we insult ýaly sebäplere görä agyr gepleýiş bozulmalary ýüze çykan adamlar üçin niýetlenendir.

N1 implanty neýronlaryň elektrik işjeňligini hasaba alýar, ýörite algoritmler bolsa bu signallary çak edilýän sözlere we buýruklara öwürýär. Gürrüň adamyň pikirini okamak barada däl-de, eýsem beýniniň geplemek niýeti bilen baglanyşykly signallary tanamagy barada barýar.

Enjam heniz täjirçilik maksatly ulanmak üçin ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirliginiň rugsadyny almady.