28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky işini tamamlaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de onda milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de ilatyň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.
Raşid Meredow BSGG-niň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, milli we halkara maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Öz gezeginde, Ýegor Zaýsew Türkmenistanda işlän döwründe netijeli hyzmatdaşlyk we giňişleýin goldaw berlendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Duşuşykda bilelikdäki işiň netijeleri bellenildi we BSGG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýegor Zaýsewe işinde üstünlikleri arzuw etdi.