Mallara zyýan ýetirýän Şamonda wirusy ilkinji gezek adamda ýüze çykaryldy

Düýn, 12:003,778

Fransiýada öň adamlara geçmäge ukyply däl diýlip hasaplanan Şamonda wirusy (SHAV) bilen ilkinji gezek kesellän näsag hasaba alyndy. Ol oktýabr aýynyň başynda hassahanada aradan çykdy diýip, «Reuters» habar berýär.

Şamonda wirusy Orthobunyavirus görnüşine we Simbu seriologik toparyna degişlidir. Bu topara haýwanlara zyýan ýetirýän Şmallenberg we Akabane keselleriniň wiruslary hem girýär. Näsaga bu wirusyň Fransiýanyň gündogarynda ýokuşandygy çaklanylýar. 2026-njy ýylyň ýazynda we tomsunda bu ýerde wirus haýwanlaryň arasynda ýüze çykarylypdy. 

Ýokanç gan sorujy mör-möjekleriň çakmagy arkaly geçýär we ilkinji nobatda, iri şahly mallara zyýan ýetirýär. Wirus ilkinji gezek 1960-njy ýyllaryň ortalarynda Nigeriýada ýüze çykaryldy. Soňra ol Afrikanyň beýleki ýurtlarynda we Ýaponiýada haýwanlarda tapyldy.

Fransuz häkimiýetleri bolup geçen wakany «aýratyn bir ýagdaý» diýip atlandyrdy. Näsagda agyr immun ýetmezçiligi bardy we ol hassahanada agyr keselden bejergi alýardy.

Fransiýanyň Obasenagat ministrliginde wirusyň et, süýt ýa-da olary gaýtadan işlemekden alnan önümler arkaly geçýändigini tassyklaýan ylmy maglumatlaryň häzirlikçe ýokdugy bellenildi. Häkimiýetleriň baha bermegine görä, «bu wirus barada bar bolan bilimlerden ugur alsaň, köpçülikleýin ilatyň saglygy üçin hiç hili howp ýüze çykarylmady».