Ebola ýokanjy Keniýa baryp ýetdi

Düýn, 18:495,812

Keniýada Ebola ýokanjyna ýolugan ikinji hassa hasaba alyndy. Kesel ýokuşan 39 ýaşly erkek kişiniň bu ýurtda ýokanç keselden birinji aradan çykan adamyň ýakyn garyndaşydygy anyklanyldy. Häkimiýetleriň pikiriçe, häzirlikçe ýokanjyň ilatyň arasynda giňden ýaýraýandygyny görkezýän alamatlar ýüze çykarylanok diýip, Euronews habar berýär.

Keniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlarynda aýdylyşyna görä, näsag lukmanlaryň gözegçiligi astynda karantinde saklanypdyr. Gyzgynyň ýokarlanmagy, ysgynsyzlyk we bogun agyrylary ýüze çykandan soň, ol beýlekilerden üzňe ýere geçirildi. Geçirilen barlaglar bolsa oňa Ebola degendigini tassyklady.

Hünärmenlere näsag bilen aragatnaşykda bolan 128 adamyň 113-siniň nirede bolandygyny anyklamak başartdy. 

Keniýada Ebola keselinden ilkinji aradan çykan adam Kongo Demokratik Respublikasynda keselläp, soňra Uganda arkaly Naýrobi şäherine gaýdyp gelipdir. Ol 3-nji oktýabrda hassahana ýerleşdirilip, 5-nji oktýabrda aradan çykypdyr.

Şol bir wagtyň özünde, Kongo Demokratik Respublikasynda ýokanjyň ýaýramagy dowam edýär. Saglygy goraýyş edaralarynyň hasabatynda ýurtda azyndan 9 212 keselleme ýagdaýy bellige alnyp, aradan çykanlaryň umumy sany 4 441-e ýetipdir. Şolaryň 6 734 sany kesel ýokuşma, 3 177 sany ölüm hadysasy Ituri welaýatyna degişlidir.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, aýratyn-da, uzakda ýerleşýän sebitlerde näsaglar bilen aragatnaşykda bolan adamlary ýüze çykarmagyň kynçylyk döredýändigini belleýär.

Keseliň häzirki ýaýramagyna Bundibugýo ýokanjy sebäp bolýar. Häzirki wagta çenli oňa garşy resmi taýdan tassyklanan sanjym hem-de ýörite bejergi ýok. Ulanylýan Ervebo sanjymy ýokanjyň başga bir görnüşine garşy işlenip düzüldi. Şonuň üçin onuň Bundibugýo garşy täsiriniň bardygy näbelli.