Antibiotiklere durnuklylyk düwnük keselinden hem howply bolup biler

Şu gün, 12:01819

XXI asyryň ortalaryna çenli bakteriýalaryň dermanlara durnuklylygy dünýäde ölümliligiň esasy sebäpleriniň birine öwrülip, hatda köp adamyň ömrüne rak keselinden hem güýçli howp salmagy mümkin. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, M. W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň ylmy ýolbaşçysy Stepan Kalmykow hut şeýle çaklamany öňe sürýär.

Alym: «25–30 ýyldan soň antibiotiklere durnuklylyk sebäpli aradan çykýan adamlaryň sany rak keselinden ölýänleriň sanyndan hem köp bolar» diýip belledi.

Meseläniň esasy sebäbi mikroorganizmleriň olary ýok edip bilýän dermanlara kem-kem öwrendikli bolmagydyr. Netijede, bakteriýalar bu dermanlara garşy durnuklylyk gazanyp, olaryň täsirine boýun egmeýär. Antibiotikleriň lukmançylykda we oba hojalygynda gözegçiliksiz ulanylmagy bolsa bu howpuň bütin dünýäde ýaýramagyna getirýär. Şonuň netijesinde, öň adaty ýokanç keselleri bejermekde peýdaly bolan dermanlar hem öz güýjüni ýitirýär.

Bu howpa garşy göreşmek üçin Russiýanyň hünärmenleri keselleri anyklamagyň täze usullaryny işläp taýýarlaýarlar. Mysal üçin, Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamlaryň abadançylygy boýunça gözegçilik gullugynyň Merkezi epidemiologiýa ylmy-barlag institutynda bakteriýalarda dermanlara durnuklylygy döredýän genleri çalt ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän barlag ulgamy döredildi.

Edaranyň bellemegine görä, bu täze işläp taýýarlama takyklygy boýunça adaty polimeraza zynjyr reaksiýasy (PZR) usulyndan pes durmaýar, käbir görkezijiler boýunça bolsa ondan hem ýokary netijeleri berýär.