Germaniýanyň howa menzilinde ýolagçynyň çemodanyndan 92 sany zäherli ýylan we hažžyk çykdy

Düýn, 10:0811,600
1 / 2

Germaniýanyň Köln-Bonn halkara howa menzilinde gümrük işgärleri 45 ýaşly meksikaly ýolagçynyň çemodanyndan 92 sany süýrenijini tapdy. Olaryň arasynda zäherli ýylanlar we seýrek duş gelýän hažžyklar hem bar. Haýwanlar şampun gaplarynda, plastik gutularda we joraplaryň içinde gizlenilipdir.

Germaniýanyň WDR teleradiokompaniýasynyň Köln şäheriniň Baş gümrük müdirligine salgylanyp habar bermegine görä, erkek kişi Meksika şäherinden Stambulda uçaryny çalşyp, Köln-Bonn howa menziline gelipdir. Ol gümrükde tabşyrmaga ýüki bolmadyk ýolagçylar üçin niýetlenen «ýaşyl geçelgeden» geçipdir. Emma onuň aljyraýşy we saparynyň maksady baradaky terslin-oňlyn jogaplary gümrük işgärlerinde şübhe döredipdir.

Ýolagçynyň eliniň aýasyna geçirilen dessin barlag gadagan maddalaryň yzlaryny ýüze çykarypdyr. Şondan soň gümrük işgärleri onuň goşlaryny has içgin barlamak kararyna gelipdirler. Emma gözlenýän maddalaryň deregine, çemodandan 37 sany zäherli ýylan we 55 sany hažžyk tapylypdyr. Olaryň arasynda alahöwrenler, çyrlak ýylanlar, tikenguýruk iguanalar we aýaksyz hažžyklara deňiç bar eken.

Süýrenijiler örän dar gaplarda we ýöriteleşdirilmedik gutularda saklanypdyr. Olara ne suw, ne-de iýmit berlipdir. Şeýle amatsyz şertler sebäpli haýwanlaryň 30-a golaýy ýolda ölüpdir.

Diri galan süýrenijileri halas etmek üçin nemes gümrükçileri weterinar lukmanlary çagyrypdyrlar. Haýwanlara ilkinji kömek berlenden soň, olar Braunşwaýgyň golaýyndaky Şladende ýerleşýän süýrenijiler üçin ýöriteleşdirilen merkeze iberilipdir.

Meksikaly ýolagçy süýrenijileri Braziliýadaky tanşynyň haýyşy boýunça alyp barýandygyny aýdypdyr. Ýöne ol çemodanyndaky haýwanlaryň haýsy görnüşlere degişlidigini aýdyp bilmändir. Germaniýanyň federal polisiýasy onuň ýurda girmegine rugsat bermedi, ol ertesi güni irden yzyna, Stambula iberilipdir.

Häzirki wagtda meksikalynyň garşysyna derňew işi alnyp barylýar. Germaniýada gorag astyndaky haýwanlary bikanun satmak we daşamak uly möçberde jerime salynmagyna, hatda azatlykdan mahrum edilmegine sebäp bolup biler.

Germaniýanyň gümrük gullugynyň maglumatynda geçen ýyl ýurtda gorag astyndaky haýwanlaryň, ösümlikleriň we olardan öndürilen önümleriň bikanun daşalmagy bilen bagly 1 300-den gowrak ýagdaýyň ýüze çykarylandygy aýdylýar.