Ýaponiýanyň Tiba prefekturasynda satlyga çykarmaga taýýarlanan 100 müň töweregi koi teňňebalygy (nisikigoi) Imbanuma kölündäki bendiň ýarylmagy netijesinde emele gelen suw joşmasynda akyp gitdi. Olardan bary-ýogy 200–300 töweregi diri galdy.
Bir hepde ozal Duszýuan taýfuny güýçli ýagyşlara sebäp bolup, Imbanuma kölüniň golaýyndaky şaly ekilen meýdanlary, şeýle-de teňňebalygyň we ýylanbalyklaryň ösdürilip ýetişdirilýän hojalyklary suw basdyrdy. Narita şäherindäki Kodzi Tani mülk eýesi täze taýfunyň ýagdaýy has-da agyrlaşdyryp biljekdigi sebäpli bentleri dikeltmäge çagyrdy.
Ýapon teňňebalyklary daşary ýurtlarda, esasan hem Hytaýda we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe. Soňky bäş ýylda olaryň eksporty iki esseden-de kän artyp, 63 million dollara ýetdi.
Tiba prefekturasynda oba hem-de tokaý hojalygyna we balykçylyk pudagyna güýçli ýagyşlardan ýetirilen zyýanyň möçberi awgust aýynda 51,8 milliona ýetipdi, sentýabrda bolsa 1,45 million dollarlyk ýitgi çekildi.