Meksikanyň kenarýakasynda gaýyklary çöken iki balykçy açyk ummanda bäş gije-gündizi aç-suwsuz geçirdi. Olar Çýapas ştatynyň kenaryndan 240 kilometr uzaklykda tapyldy we Harby-deňiz güýçleriniň hassahanasyna äkidildi diýip, Euronews habar berýär.
53 we 32 ýaşlaryndaky balykçylar 13-nji awgustda deňze çykypdy. Iki gün soň balykçylyk hojalygynyň wekilleri olar bilen aragatnaşygy ýitirdi we bu barada häkimiýet edaralaryna habar berdi.
Netijede, Meksikanyň Harby-deňiz güýçleri gözleg-halas ediş çäresini guraýar. Oňa iki gämi we bir uçar gatnaşýar. Balykçylar tapylandan soň, dikuçar arkaly halas edilýär. Lukmanlar olaryň ikisiniň hem suwsuzlykdan ejir çekendigini tassykladylar.
Bolup geçen wakanyň sebäpleri barada heniz resmi hasabat ýok. Diňe halas edilenden soňky düşürilen wideoda balykçylaryň biri gaýygy gije uly tolkunyň basandygyny gürrüň berýär.
Onuň aýtmagyna görä, gaýyk agdarylyp, «bäş minutyň içinde» ummana çöküpdir. Balykçylar ýanlary bilen ne-hä bir ätiýaçlyk azyk alyp ýetişipdirler, ne-de bir rasiýa. Olar balyklary buza gömüp saklamak üçin ulanylýan uly gutynyň içine girip, diri galypdyrlar.
Bu gezek guty boş bolansoň, balykçylar bäş günläp aç oturypdyrlar. Edil şol günler ýagyn hem ýagmandyr.