Doglanda çaganyň agramynyň pes bolmagy onuň mekdepdäki ýetişigine täsir edýär

Düýn, 18:504,045

Alymlar doglanda agramy kadadan ep-esli pes bolan çagalaryň ýetginjeklik döwründe matematika we okamak boýunça tabşyryklary ýerine ýetirmekde deň-duşlaryndan biraz yza galýandyklaryny anykladylar. Has takygy, Norwegiýada 92 müňden gowrak çaganyň maglumatlaryny öwrenen barlagçylar şeýle netijä geldiler.

Ylmy iş hakynda American Journal of Obstetrics and Gynecology (AJOG) žurnalynda çap edildi.

Barlaga göwreliligiň 37–41-nji hepdesinde doglan çagalar girizildi. Doglanda agramy pes bolan çagalara jynsy we göwrelilik möhleti boýunça deňelende agramy iň pes 10%-e girýän täze doglan bäbekler degişli edildi. Bu usul göwreliligiň dowamlylygy bilen bagly tebigy agram tapawutlaryny hem göz öňünde tutmaga mümkinçilik berdi.

Doglanda agramy pes bolan başlangyç synp çagalar matematika boýunça deň-duşlaryndan, takmynan, 2,3 bal az aldylar. 14–15 ýaşlarynda hem bu tapawut iki bal töweregi saklandy. Okamak boýunça barlaglaryň netijeleri hem birneme pes boldy. Emma iňlis dili boýunça barlaglarda düýpli tapawut ýüze çykmady.

Şol bir wagtyň özünde, gözlegiň awtorlary doglanda agramyň pes bolmagynyň çaganyň hökmany suratda okuwda kynçylyk çekjekdigini aňlatmaýandygyny nygtaýarlar. Irki ösüş döwründe ýüze çykýan yza galma, ortaça alnanda, bäş ýaşa çenli azalýar. Emma doglanda agram ýetmezçiligi bolan çagalar üçin bu ýagdaýyň okuw üstünlikleri bilen arabaglanyşygy has uzak wagtlap saklanýar.

Barlagçylaryň pikirine görä, munuň sebäbi çaganyň enäniň göwresindäki ösüş şertleri bilen bagly bolup biler. Muňa düwünçegi iýmitlendirýän plasentanyň işindäki näsazlyklar hem degişlidir. Ozal şeýle ýagdaýlaryň beýniniň kemala gelmegine hem täsir edýändigi çak edilýärdi. Ýöne munuň anyk sebäplerini kesgitlemek üçin entek goşmaça barlaglar geçirmek zerur bolup durýar.