Türkmen teleradioýaýlymlarynyň işgärleri üçin täze «Toyota» awtoulaglary satyn alyndy

Düýn, 18:456,488
1 / 3

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylda çykarylan täze «Toyota» kysymly awtoulaglar satyn alyndy. Bu ulaglar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat bolup, ol milli teleradioýaýlymlaryň işgärleri üçin niýetlenendir diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Awtoulaglary gowşurmak dabarasy milli däp-dessurlara görä geçirildi: ulaglara ak un sepildi, alaja daňyldy, hormatly ýaşulular bolsa olara ak pata berip, sürüjileriň ýollarynyň ak bolmagyny arzuw etdi.

Täze awtomobilleriň berilmegi tele- we radiogepleşikleri taýýarlamak üçin sebitlere çalt gitmeli bolýan žurnalistleriň hem-de düşüriji toparlaryň işini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu ýurtda bolup geçýän wakalary beýan etmek we amala aşyrylýan özgertmeler barada jemgyýetçiligi habardar etmek bilen bagly wezipeleri döredijilikli we bökdençsiz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Teleradioýaýlymlaryň işgärleri pudaga berilýän goldaw-hemaýatlar üçin ýurt ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden alkyş aýtdy.