Türkmenistanyň Döwlet sirki güýzki dynç alyş möwsümine bagyşlap, baýramçylyk mazmunly täze maksatnamany taýýarlady.
Tomaşaçylara tälim berlen täsin jandarlaryň, şadyýan masgarabazlaryň, žonglýorlaryň, akrobatlaryň we howa gimnastlarynyň ýatdan çykmajak çykyşlary garaşýar.

Şüweleňiň esasy bezegi meşhur «Galkynyş» we «Türkmen jigitleri» toparlarynyň täsirli çykyşlary bolar.

Sirk çykyşlary 21-nji oktýabrdan 28-nji oktýabr aralygynda dowam eder. Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- 39-80-44
- 36-10-95
- 39-80-45
- 36-10-34