8-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Russiýanyň döwlet Baştutanynyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline gondy.
Saparyň çäginde Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Ylaýta-da, onuň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Liderleri bilen bilelikde Hazar ekologiýa sammitine gatnaşar. Duşuşykda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Prezident Putiniň iş meýilnamasynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen gepleşikler hem göz öňünde tutulýar.