23-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Duşuşykda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we obasenagat toplumynyň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bäş welaýatyň häkimleri pagta ýygymy boýunça alnyp barylýan işler, güýzlük bugdaý ekişine ideg edilişi we indiki oba hojalyk möwsümine ýerleri taýýarlamak barada hasabat berdi.
Ahal we Balkan welaýatlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak, şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlary sürmek we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Bugdaý meýdanlarynda suwaryş we dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.
Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyndan başga-da şaly hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Lebap welaýatynyň häkimi döwlet harmanyna şaly tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilendigi barada habar berdi. Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamak işleri dowam edýär.
Maslahatda geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutany gowaça üçin niýetlenen ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda şüdügär sürümi geçirmegi, şeýle hem fosfor döküni bilen iýmitlendirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow bugdaý ekinlerine ideg etmegi güýçlendirmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini öz wagtynda geçirmegi, birinji ösüş suwunyň ýokary hilli tutulmagyny we mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Kadaly gögeriş almak meselesine aýratyn üns çekildi.
Şu ýylda ýerine ýetirilen işler üçin pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça aýratyn görkezmeler berildi.
Iş maslahatynyň barşynda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident işleriň ýokary hilini we bellenilen möhletleriň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.