Ýaponiýanyň ilçisi Sasaki Hirosi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

Şu gün, 17:30774
1 / 3

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine ýokary baha berlip, döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakda syýasy dialogyň hem-de dürli derejelerdäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň formatyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy we diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hökmünde alyp baran netijeli işleri üçin Sasaki Hirosä minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, ýapon diplomaty ýurtda işlän döwründe berlen hemmetaraplaýyn goldaw üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda daşary işler ministri ilçi Sasaki Hirosä geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.