Aşgabatda «GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçiriler.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ulag baglanyşygyny berkitmek boýunça maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, çäräniň esasy maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy we döwletleriň ulag-logistika taýdan özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakdan hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň we guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat. Maslahatyň işine Azerbaýjanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, döwletara statistika komitetiniň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara tejribesinden ugur almagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraljak halkara maslahata düýpli taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
«GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat 26-27-nji noýabrda geçiriler.