Serdar Berdimuhamedow «Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde täze desganyň gurulmagyny goldady

Şu gün, 21:37682

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde täze desga gurmak meselesine seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow ýod zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habar gepleşiginde bellenilişi ýaly, ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek boýunça ýurtda ösen tehnologiýalar esasynda täze kärhanalar gurulýar hem-de öňden işleýän önümçilikleriň durky täzelenýär. «Balkanabat» ýod zawodyny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Wise-premýer bu ugurda taýýarlanan degişli teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmek hem-de ýerli çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desgany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.