Türkmenistan ykdysadyýetini çig maldan senagat modeline geçirýär

Şu gün, 11:27138

Türkmenistan çuň gaýtadan işlenen önümleriň önümçiligini hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny artdyrmak bilen, çig mala ýöriteleşmeden ykdysadyýetiň senagat-innowasion modeline geçmegini dowam etdirýär. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm başlygy Batyr Berdiýew ýazýar.

Eksporta ünsi gönükdirmek Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda berkidilen ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.

Senagatda aýna süýüminiň, bazalt süýüminiň, kaustik sodanyň, hloruň, ýod-brom önümleriniň, dökünleriň, polietileniň, polipropileniň, ammiagyň we karbamidiň çykarylmagy özleşdirilýär.

Aýratyn ugur — elektroenergetika. Kuwwatly elektrik stansiýalary içerki islegi kanagatlandyrýar we elektrik energiýasyny Türkiýä, Eýrana, Owganystana hem-de goňşy döwletlere eksport etmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurtlara iberilýän möçberi we walýuta girdejilerini artdyrjak taslamalar işlenip taýýarlanylýar.

Garagum çägesinden kremniý almak tehnologiýasy geljegi uly ugur diýlip atlandyryldy: ol önümiň çykyşynyň ýokary göterimi we energiýa sarp edilişi boýunça tygşytlylygy bilen tapawutlanýar.

Dokma pudagynda kärhanalaryň gurulmagy daşary ýurtlara çig pagtany ibermekden taýýar önümlere geçmäge mümkinçilik berdi. Tebigy ýüňden dokalan halylar eýýäm dünýä eksportynda uly orun eýeleýär.

Şeýle hem daşary ýurtlara ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen pomidorlar, konditer önümleri, alkogolsyz içgiler we towuk ýumurtgalary iberilýär. Hyzmatlaryň eksporty hem artýar: syýahatçylyk, logistika we maliýe pudaklary walýuta girdejilerinde öňdäki hatara çykýar, şonuň üçin ylym-bilim ulgamyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.

Gazagystan bilen söwdany çaltlandyrmak üçin harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlaryň elektron alyş-çalşy ornaşdyryldy. Bu gümrük amallarynyň wagtyny gysgaldýar.

Şunuň bilen bir hatarda, awtomobil we demir ýollaryny, köprüleri hem-de halkara howa menzillerini öz içine alýan ulag infrastrukturasy ösdürilýär.