19-njy noýabrda Awazada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurda gelen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Matwiýenko Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi we Moskwanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň synçy derejesini bermek baradaky başlangyjy goldandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu meseläni Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň gün tertibine girizmek baradaky ýüzlenme 16-njy oktýabrda iberilipdi.
Söhbetiň dowamynda ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň täze binasyny gurmak, Türkmen-Rus uniwersitetini, şeýle hem Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky teatryň täze binasyny we Dostluk binasyny gurmak boýunça iş alyp barýar.
Mundan başga-da, ylym, bilim, medeniýet, lukmançylyk we sport ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn günlerde Moskwada nobatdaky mejlisi geçiriljek söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ornuny belledi.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri, hususan-da, Sankt-Peterburg, Tatarystan we Astrahan oblasty bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ugurlaryň biri hökmünde yzygiderli özara saparlary, medeni we işewürlik çärelerini guramak görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanýan ýylyň jemleri boýunça iki ýurduň parlamentleriniň hyzmatdaşlygyny oňyn we netijeli diýip atlandyrdy. Ol özara saparlaryň dowam etdirilmeginiň, halkara parlament meýdançalarynda hyzmatdaşlygy we kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi.
2027-nji ýylda Türkmenistan we Russiýa diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyny bellär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň dostluk we hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýörite bilelikdäki mejlisini geçirmek teklip edildi. Çäräni Aşgabatda ýa-da Moskwada gurap bolar.
Walentina Matwiýenko GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol çäräniň Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýändigini, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň bolsa dürli ugurlar boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen utgaşýandygyny belledi. Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini bütin dünýäde nusgalyk diýip atlandyrdy.