19-njy noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa GDA ýurtlarynyň parlament wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyklar Belarusyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Igor Brilewiçiň, Täjigistanyň Oliý Majlisiniň Namoýandogan Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodanyň, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýewiň, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde täze derejelere çykýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn we sebitara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Taraplar parlament diplomatiýasynyň üsti bilen döwletara hyzmatdaşlygy goldamagyň, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmagyň hem-de milli kanunçylyklary sazlaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Duşuşyklarda parlamentara dostluk toparlarynyň we ugurdaş komitetleriň işini kämilleşdirmek, zenan hem-de ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogy güýçlendirmek, kanunçykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmak we halkara meýdançalarda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.