Anthropic-iň bazar bahasy tas $1,5 trilliona ýetdi: kompaniýa taryhda iň iri IPO geçirýär

Şu gün, 10:39141

Anthropic kompaniýasy paýnamalarynyň ilkinji köpçülikleýin teklip (IPO) arkaly satuwa çykarylmazynyň öňüsyrasynda bir paýnamanyň bahasyny 83 dollar derejesinde kesgitledi. Bu barada Bloomberg, The Financial Times hem-de The Wall Street Journal neşirleri habar berýär.

Şeýle baha boýunça kompaniýanyň umumy bazar gymmaty, takmynan, 1,49 trillion dollara deň bolar. Anthropic-iň paýnamalary bilen söwdalar şu gün — 19-njy noýabrda başlanar.

Claude emeli aň modelini işläp düzen kompaniýa IPO-dan soň bazar kapitalizasiýasy boýunça dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň sanawynda 11-nji orny eýelär. Ol bu görkeziji boýunça Tesla we Meta kompaniýalaryndan çala yza galar.

Kompaniýanyň paýnamalaryna bolan isleg Anthropic kompaniýasynyň garaşan derejesinden ep-esli ýokary boldy. Ilkibaşda paýnamalaryň her birini 70–78 dollar aralygynda ýerleşdirmek meýilleşdirilipdi.

Bloomberg neşiriniň maglumatlaryna görä, IPO-nyň çäginde Anthropic kompaniýasynyň eýeleri 68 milliard dollar gazanar. Mundan başga-da, olar hususy ýerleşdiriş arkaly goşmaça paýnamalary satmakdan ýene 26 milliard dollar almagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, geleşikleriň umumy möçberi 94 milliard dollara ýetmeli.

Mundan öň SpaceX kompaniýasynyň 75 milliard dollarlyk paýnamalaryny ýerleşdirmegi taryhdaky iň iri IPO hasaplanýardy. Goşmaça opsiýalar amala aşyrylandan soň bu görkeziji 86,2 milliard dollara ýetipdi.

Anthropic 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň esasy önümi Claude emeli aň modelleridir. 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda kompaniýanyň girdejisi 16,3 milliard dollara, arassa ýitgisi bolsa 80 milliard dollara deň boldy. Şunda şeýle uly ýitgi kompaniýanyň gündelik işiniň netijesinde däl-de, buhgalterçilik hasaplamalarynyň täzeden geçirilmegi sebäpli ýüze çykdy.