Grand Theft Auto VI (GTA VI) wideooýnunyň çykmagy işgärleriň iş rugsady üçin arzalarynyň we sebäpsiz işe gelmezlikleriniň birden köpelmegi netijesinde britan kompaniýalaryna, takmynan, 12 mln funt sterlinge ($16,1 mln) düşer. Bu barada BrightHR analitiki hyzmatynyň maglumatyna salgylanyp, «The Sun» neşiri habar berýär.
Rockstar Games amerikan studiýasynyň meşhur franşizasynyň köpden bäri garaşylýan dowamy 19-njy noýabrda – öňki bölüminiň relizinden 13 ýyl geçenden soň çykýar. Premýeranyň golaýlaşmagy bilen britaniýaly işçiler oýnuň çykmagyny sebäp hökmünde görkezip, noýabr we dekabr aýlary üçin jemi 83 müň rugsat gününi resmileşdirdi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, diňe oýnuň resmi çykan gününde zähmet öndürijiliginiň peselmegi sebäpli britan kompaniýalarynyň görjek zyýany, takmynan, £3,14 mln ($4,22 mln) bolar.
Göni 19-njy noýabr üçin berlen iş rugsatlarynyň 4,63%-inde sebäp hökmünde GTA VI oýnunyň çykmagy görkezildi, işçileriň bir bölegi bolsa iş berijilere rugsat bermeseler işden gitjekdikleri bilen haýbat atdy.
BrightHR-yň ýolbaşçysy Alan Praýsyň pikiriçe, käbir ýolbaşçylar wideooýunlara ýüzleý garap biler, ýöne bu oýun üçin rugsat almak çynlakaý sebäp bolup, ol konsertlere ýa-da sport oýunlaryna gatnaşmak ýaly bir zatdyr.
Oýny sanly görnüşde öňünden ýüklemek 12-nji noýabrda başlanýar, şol bir wagtyň özünde bölek satuwda oýun disksiz, ýagny diňe ýükläp almaga mümkinçilik berýän kod bilen berler.
GTA VI-nyň wakalary Waýs-Siti şäherinde bolup geçýär, seriýada ilkinji gezek esasy gahrymanlar iki sany personaž — Jeýson we Lýusiýa bolar. Taslama PlayStation 5 we Xbox Series X/S konsollarynda çykar. «The New York Times» neşiri öňde duran relizi Martin Skorsezeniň filminiň premýerasy ýa-da Beýonseniň täze albomynyň çykmagy bilen deňeşdirýär.
2013-nji ýylyň sentýabrynda çykan soňky bölüm GTA V taryhda iň gymmat wideooýun boldy we şeýle bolmagynda galýar. Dürli çeşmelere görä, onuň umumy býujeti marketing bilen birlikde 265 million dollardan 365 million dollar aralygynda üýtgeýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, ABŞ-da hem GTA VI oýnunyň satlyga çykmagy sebäpli zähmet rugsatlarynyň sanynyň görnetin artmagyna, munuň bolsa iş berijiler üçin uly bökdençligi ýüze çykarmagyna garaşylýar.