GTA VI-nyň çykmagy ABŞ-da zähmet bökdençligine getirip biler: köp kişi şoňa gabatlap rugsat alýar

Şu gün, 09:211,336

«GTA VI» oýnunyň satlyga çykmagy ABŞ-da zähmet rugsatlarynyň sanynyň görnetin artmagyna getirip biler. The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, amerikalylaryň köpüsi öz zähmet rugsadyny edil oýnuň çykýan gününe gabatlamagy meýilleşdirýär, bu bolsa iş berijiler üçin uly bökdençlik döredip biler.

Edil şeýle wakalar öň Ýaponiýada «Pokémon» ýa-da «Final Fantasy» ýaly iri oýunlar çykandan soň hem bolupdy. Indi ABŞ-da hem hut şol ýagdaý gaýtalanjaga meňzeýär.

Käbir amerikan kompaniýalarynyň özleri işgärleriň köpden bäri garaşylan oýny oýnamak üçin birnäçe gün işden rugsat aljakdygyny aňyp, höweslendiriji maksatnamalaryň bir bölegi hökmünde noýabr aýynyň ahyryna öňünden zähmet rugsadyny hödürleýärler.

Bu gyzyklanma diňe bir adaty işgärleri däl, eýsem, harbylary hem öz içine aldy. Meselem, podpolkownik Enjel Tomko öz bölümindäki 130 harbynyň 44-siniň şol arzyly günlerde dynç almak üçin häzirden arzalaryny täzeleýändiklerini gürrüň berdi.

Tomkonyň garamagyndaky gullukçylaryň biri oýnuň çykmagyna şeýle bir sabyrsyzlyk bilen garaşýar welin, ol eýýämden öý-hojalyk işlerini tamamlap, iýmit ätiýaçlygyny toplap, bar wagtyny diňe «GTA VI» oýnuna bagyşlamagy meýilleşdirýär.

«Grand Theft Auto VI» oýnunyň satlyga çykaryljak senesi 19-njy noýabra bellenildi. Oýun «PlayStation 5» we «Xbox Series» konsollarynda elýeterli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.