«GTA VI» şahsy kompýuterlerde 2027-nji ýylyň başynda çykar

Düýn, 15:271,695

Rockstar Games kompaniýasy «Grand Theft Auto VI» oýnunyň şahsy kompýuterler üçin niýetlenen görnüşini 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada insaýderlere salgylanýan GamesBeat neşiri habar berýär.

Oýnuň «PlayStation 5» we «Xbox Series X/S» konsollaryndaky relizi 2026-njy ýylyň 19-njy noýabryna meýilleşdirildi, emma kompýuterde oýnap bolýan görnüşiniň resmi taýdan çykjak möhleti entek mälim edilmedi.

Eger täze maglumatlar tassyklansa, kompýuter görnüşi geýmerlere öňkä garanyňda has tiz gowuşar. «GTA V» konsollarda 2013-nji ýylyň güýzünde çykypdy, kompýuter wersiýasy bolsa diňe bir ýyl ýedi aý geçenden soň peýda bolupdy. Hünärmenleriň pikiriçe, kompaniýa tomaşaçylar köpçüligini çalt özüne çekmek we satyşlary artdyrmak islese, ŞK-daky relizi tizleşdirmeli bolar.

Ulanyjylaryň öz döredýän kontentleri (modlary) we rol oýnalýan (RP) serwerleri hem muňa goşmaça itergi berip biler.

2023-nji ýylda «Rockstar» «GTA V» ýaly köpçülik bolup oýnalýan taslamalar üçin meşhur «FiveM» platformasyny döreden «Cfx.re» toparyny satyn aldy. Şeýle serwerleriň esasan kompýuterde işleýändigini nazara alsaň, oýnuň täze bölüminiň kompýuterlerde tizräk çykmagynyň strategik ähmiýeti bar.

Mundan başga-da, awgust aýynda ýaýran maglumatlara görä, «GTA VI»-da ilkinji gezek doly derejeli awtosport toplumy peýda bolar. Oýunçy üçin awtodromda nusgawy halka görnüşli ýaryşlaryň, ýolsuz ýerdäki ýaryşlaryň, motokrossyň we köçe ýaryşlarynyň hem elýeterli boljakdygyna garaşylýar.