Netflix-de GTA VI-nyň wideosy görkezildi, serwis tomaşaçylaryň köplügini göterip bilmedi

Düýn, 18:283,555
1 / 5

Rockstar Games kompaniýasy Grand Theft Auto VI oýnundan 27 minutlyk täze geýmpleý wideosyny hödürledi. Onuň görkezilişi Netflix-de eksklýuziw görnüşde geçdi — striming platformasyna ilkinji gezek şeýle uly oýun taslamasyny görkezmek ynanyldy.

Hatda Netflix hem oýnuň ägirt uly meşhurlygynyň hötdesinden gelip bilmedi. Wideo çykan badyna tomaşaçylaryň aşa köplügi sebäpli platformanyň işinde bökdençlik döräp başlady. Ýalňyşlyk baradaky habar hyzmatyň saýtynda-da, goşundylarynda-da peýda boldy. Kompaniýa meseläniň birnäçe minutdan soň düzedilendigini nygtaýar, ýöne Downdetector serwisiniň maglumatyna görä, bökdençlikler bir sagatlap dagy dowam etdi.

Soňrak wideo Rockstar-yň resmi YouTube kanalynda hem peýda boldy.

GTA VI-daky wakalar toslanan Leonida ştatynda ýaýbaňlanar. Onuň prototipi Florida ştaty boldy. Esasy şäher bolsa seriýanyň muşdaklaryna eýýäm tanyş bolan Waýs-Siti bolar. Wakanyň merkezinde talaňçylyk bilen meşgullanyp, howply ýagdaýlara düşýän Lýusiýa Kaminos bilen Jeýson Dýuwal durýar. Olaryň arasyndaky gatnaşyklar sýužetiň möhüm bölegine öwrüler.

Görkezilişde Rockstar oýnuň bikanun laboratoriýasyna çozuş, polisiýa bilen atyşyk, kowgy ýaly birnäçe epizodlar görkezildi. Oýunçylar talaňçylygy bilelikde ýerine ýetiribem, aýratynlykda hereket edibem biler, şol bir wagtyň özünde aragatnaşygy saklamagy hem dowam etdirer. Sýužet missiýalaryndan daşary Lýusiýa bilen Jeýsonyň arasynda gezekleşip hem oýnap bolar.

Atyşyklardan we talaňçylyklardan başga-da, oýunda sport zaly, basketbol, bilýard, ýaryşlar, daýwing we beýleki güýmenjeler peýda bolar. Hatda itleri sypap, olara ýal bermek mümkinçiligem bar.

Rockstar daşky gurşaw bilen özara baglanyşygy düýpli gaýtadan işledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, oýunda 600 müňden gowrak özboluşly animasiýa döredildi — bu GTA V-den, takmynan, 11 esse köp we Red Dead Redemption 2-den iki esse köpdür.

Gözleg ulgamy hem üýtgediler. Polisiýa edilen jenaýaty şaýat görenden ýa-da signal işländen soň yzarlap başlar. Jenaýatkär bolsa diňe bir başga ulagda däl, eýsem eşigini çalyşmak ýa-da ýoldaşyndan aýrylyşmak arkaly gizlenip biler.

Awtoulaglary ogurlamak hem kynlaşar. Dürli modeller döwmegiň dürli usullaryny talap eder, käbir ulaglar bolsa elektron gulplar we GPS-trekerleri bilen üpjün ediler.

Rockstar-yň ýolbaşçysy Rob Nelsonyň aýtmagyna görä, fewral aýynda ol oýny geçmek üçin 80 sagat töweregi wagt sarp etdi, şonda-da diňe esasy sýužet ugruny we birnäçe goşmaça wezipeleri tamamlap bildi.

GTA VI 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda PlayStation 5 we Xbox Series X|S konsollarynda çykar. Kompýuter wersiýasynyň bolsa gijräk çykmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.