«Syçan duzagy» atly täze serial Netflix-iň dünýä reýtinginde 1-nji orna çykdy

Düýn, 21:402,035
1 / 2

Günorta Koreýanyň «Syçan duzagy» atly triller serialy köpçülige çykandan iki hepde geçirip, Netflix-iň iňlisçe däl seriallarynyň dünýä sanawynda birinji ýeri eýeledi. 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli bolan döwürde seriala 4,4 million gezek tomaşa edildi. Ol 45 ýurduň iň meşhur 10 serialynyň hataryna girdi.

Netflix-de 28-nji awgustda görkezilip başlanan serial Günorta Koreýada, Bangladeşde, Malaýziýada we Pakistanda iň köp görülýän serial boldy.

Serialyň baş gahrymany Mun Je atly ýazyjy. Ol adamlardan üzňe ýaşaýar. Bir gün ol kimdir biriniň öz şahsyýetini ogurlandygyny bilýär: onuň ady, keşbi we durmuşy kem-kemden syrly, özüne meňzeş adama geçýär. Öňki durmuşyny yzyna gaýtarmak üçin gahryman maýadar No Ja bilen birleşip, «Syçan» lakamly adamyň gözlegine başlaýar.

Wakalar koreý halk rowaýatlaryna esaslanýar. Oňa görä, adam dyrnagyny iýen syçan şol dyrnagyň eýesiniň keşbine girip bilýär. Serial «Field Mouse» atly koreý webtunyna-da esaslanýar (webtun — bu esasan smartfonlarda okamaga niýetlenen we Koreýada gowy ýaýran sanly komiks eseridir).

«Syçan duzagy» serialynda baş keşpleri Rýu Çžun Ýol bilen Sol Kýon Gu ýerine ýetirýär.

Rýu Çžun Ýol serialda birbada iki gahrymany — Mun Je we oňa meňzeş adamy janlandyrýar. Döredijiler olaryň daşky keşbini bilkastlaýyn kän tapawutlandyrman, bar parhy ýüzüniň hereketleri we edim-gylymy arkaly görkezmäge çalşypdyrlar.