HBO teleýaýlymy Alfred Hiçkokyň 1963-nji ýylda surata düşüren meşhur «Guşlar» (The Birds) trilleriniň we Dafna dýu Morýeniň adybir powestiniň esasynda serial taýýarlaýar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.
Täze taslamada jenaýaty derňeýän detektiw wakasy triller we gorkunç žanrlarynyň elementleri bilen utgaşdyrylar. Wakalaryň merkezinde kiçi gyzy bilen öýüne dolanyp gelen Maýra Messi bolar. Ol çagalyk jorasynyň şübheli ýagdaýda ýitirim bolmagynyň sebäplerini gizlinlikde derňäp başlaýar. Tiz wagtdan bolsa jenaýat bilen näbelli ýagdaýda baglanyşykly bolan guşlaryň ölüm howply hüjümlerinden çagasyny goramaly bolýar.
Täze döwre adaptirlenen serialda baş keşbi «Mirasdüşerler» (Succession) filmi bilen tanalýan Sara Snuk ýerine ýetirer.
Filmiň synag bölüminiň ssenarisini «Ýitirim bolanlar» (Lost) serialynyň üstünde işlän Tom Speziale ýazdy. Ol taslamany «Garri Potter» filmleriniň prodýuseri Dewid Heýman bilen bilelikde taýýarlaýar. Prodýuserleriň hatarynda Heyday Television-den Denni Samit, Sara Snuk hem-de Omni Artists-den Jennifer Gabler Rowlings hem bar.
Serial Universal Global Television kompaniýasy tarapyndan taýýarlanar. Onuň golçur kompaniýasy bolan Universal Pictures 1963-nji ýylda Hiçkokyň filminiň asyl nusgasyny surata düşüripdi. Kompaniýa filme bolan hukuklara režissýoryň mirasdüşerleri bilen bilelikde eýeçilik edýär.
Bu, wakany täze görnüşde ekrana çykarmak babatda edilen ilkinji synanyşyk däl. 2007-nji ýylda baş keşbi Naomi Wottsuň ýerine ýetirmegi we Martin Kempbelliň režissýorlyk etmegi göz öňünde tutulan doly metražly filmiň täzeden surata düşüriljekdigi yglan edilipdi. 2017-nji ýylda bolsa BBC bu eseriň esasynda serial döretmek mümkinçiligine garapdy. Emma bu taslamalaryň hiç biri durmuşa geçirilmedi. Täze adaptasiýanyň ekrana çykmaly senesi entek mälim däl.