Tom Kruz kino sungatyna goşandy üçin AFI baýragyna mynasyp görüldi

Şu gün, 12:36633

Tom Kruz kino sungatynyň ösmegine goşan goşandy üçin berilýän iň abraýly sylaglaryň biri bolan AFI Life Achievement Award baýragyna mynasyp görüldi. Amerikan Kino institutynyň howandarlyk geňeşi aktýory bu hormatly baýragyň 52-nji eýesi hökmünde yglan etdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 2027-nji ýylyň 24-nji aprelinde Los-Anjelesdäki Dolby teatrynda geçiriler.

AFI-niň howandarlyk geňeşiniň başlygy Ketlin Kennedi Kruzy «dünýä ikonasy» diýip atlandyrmak bilen, onuň aktýor hem-de prodýuser hökmünde öz kärine wepalydygyny belledi. Ketliniň sözlerine görä, aktýoryň kino sungatyna bolan çuňňur ynamy we adamlary birleşdirip bilmek ukyby has-da haýran galdyryjydyr. Ol Kruzyň, esasan hem, şu häsiýetleri bilen amerikan kinematografiýasynyň dünýä ýüzündäki görnükli wekilleriniň birine öwrülendigini nygtady.

Kruz Oskar baýragyna dört gezek dalaşgär görkezildi. Ol «Dördünji iýulda doglan» we «Jerri Maguaýer» filmlerindäki baş keşpleri, «Magnoliýa» filmindäki ikinji derejeli keşbi, şeýle hem «Top Gan: Mewerik» filminiň prodýuseri hökmünde bu baýrak üçin dalaş etdi. Ol 2025-nji ýylda «Governors Awards» dabarasynda hormatly Oskar baýragyna mynasyp boldy.

Häzirki wagtda Kruzyň režissýor Alehandro Gonsales Inýarritunyň «Digger» filmindäki baş keşbi üçin ýene-de Oskar baýragyna dalaş etmegine garaşylýar. Muňa garamazdan, film kassa ýygymynda üstünlik gazanyp bilmedi.

AFI Life Achievement Award baýragy 1973-nji ýylda döredildi. Baýragyň ilkinji eýesi režissýor Jon Ford boldy. Dürli ýyllarda bu baýraga Alfred Hiçkok, Stiwen Spilberg, Martin Skorseze, Barbra Streýzand, Meril Strip, Harrison Ford, Denzel Waşington, Nikol Kidman we Frensis Ford Koppola ýaly ýyldyzlar mynasyp boldy. Şeýle-de şu ýylky baýraga Eddi Mýorfi hem mynasyp boldy.

Kruzyň hormatyna geçiriljek gala-agşamynda ýygnalan serişdeler Amerikan kino institutynyň bilim we döredijilik maksatnamalaryna gönükdiriler.