Meşhur režissýor Kwentin Tarantino özüniň onunjy filminiň ssenarisini ýazyp gutardy. Emma onuň häzirlikçe filmi surata düşürmek niýeti ýok diýip, Variety neşiri habar berýär.
Režissýor Greým Nortonyň agşamky gepleşiginde çykyş edip, kinomatograf, ilki bilen, Londonyň West-End teatrlarynyň birinde sahnalaşdyrylmagy meýilleşdirilýän «The Popinjay Cavalier» spektaklyna üns berjekdigini aýtdy.
«Öz göwnüme juda jaý ssenariý ýazdym. Ýöne bu spektakly sahnalaşdyryp, öňi bilen, özüm üçin nämäniň möhümdigine düşünesim gelýär. Soň ýene-de maşgalamyň içinde bolup, adaty durmuşda ýaşajak. Geljekde näme işleri etmelidigim hakynda bolsa, şondan soň karar bererin» diýip, Tarantino belledi.
Režissýor ozal özüniň onunjy filminiň döredijilik ýolunyň soňky nokady bolup biljekdigini ýaňzydypdy. Ol filmleriniň sanyny hasaplanda, «Billi öldürmek» filminiň iki bölümini bir eser hökmünde kabul eden bolmaly.
«The Popinjay Cavalier» spektaklynyň ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň martynda Londondaky Phoenix Theatre-de geçiriler. Deslapky görkezilişleriň fewral aýynyň ahyrynda başlamagyna garaşylýar. Spektaklda baş keşbi Saşa Baron Koen ýerine ýetirer. Bu spektakla öň başdan geçirmelere baý komediýa hökmünde hem baha berlipdi.