«Albassynyň tokaýy» soňky on ýylda iň ýokary baha alan multfilm boldy

Düýn, 20:221,554
1 / 2

Laika studiýasynyň «Wildwood» («Albassynyň tokaýy») atly multfilmi 2020-nji ýyllaryň iň ýokary baha alan animasiýa eserleriniň biri boldy. Rotten Tomatoes saýtynda film tankytçylaryň 100%, tomaşaçylaryň 98% oňyn bahasyny gazandy. Metacritic saýtynda bolsa oňa 100/86 bal berildi.

Kadrma-kadr animasiýa usulynda işleýän studiýa bu multfilmiň üstünde 16 ýyllap işläpdir. Şeýle-de bolsa, onuň önümçiligine başlanandygy barada diňe 2021-nji ýylda resmi taýdan habar berildi. Eser Kolin Melloýyň «Wildwood» atly kitabynyň esasynda döredildi.

Multfilmiň baş gahrymany Prýu atly gyzjagazdyr. Ol garga sürüsi tarapyndan jadyly dünýä alnyp gidilen jigisini gözläp ýola çykýar.

Filmiň režissýory «Älem hökümdarlary» we «Bamblbi» filmleri bilen tanalýan Trewis Naýt.

Tankytçylar multfilmiň animasiýasyna we ekranda görkezilýän wakalaryň gerimine ýokary baha berdiler. Emma olaryň käbiri eseriň ýaşajyk tomaşaçylar üçin aşa tukat hem agyr bolup biljekdigini belledi. Synlarda filmiň tomaşaçyda suratlar bilen bezelen kitabyň içine düşen ýaly duýgy döredýändigi, şeýle-de ertekipisint wakalaryň aňyrsynda dünýädäki howplar baradaky çynlakaý gürrüňiň edilýändigi hakda aýdyldy.

«Albassynyň tokaýy» multfilmi şu gün, 23-nji oktýabrda prokata çykdy.