Kanadaly aktýor Kianu Riwz Netflix tarapyndan surata düşüriljek «Girdap» (Maelstrom) atly söweş filminde baş keşbi ýerine ýetirer.
Filmiň ssenarisi 1993-nji ýylda «Ölmezek» (Die Hard) filminden täsirlenilip ýazylypdyr. Wakalaryň merkezinde ýarag söwdagäriniň gelinligini goraýan federal marşal durýar. Söwdagäriň gelinligi geljekki ýanýoldaşynyň garşysyna şaýatlyk etmäge taýýarlanýar.
Filmdäki wakalar bir gijäniň dowamynda bolup geçýär. Şaýadyň gizlenýän ýerine harasat golaýlaşýar. Ol aragatnaşygy kesip, şaýady we ony goraýan hukuk goraýjy işgäri howply ýagdaýda ýeke galdyrýar.
Filmiň režissýory «El goşy» (Carry-On), «Garaňkylygyň çagasy» (Orphan) we «Howa marşaly» (Non-Stop) filmleri bilen tanalýan Žaum Kolýet-Serra bolar.
Ilkibaşda baş keşbi ýerine ýetirmek Allan Ritçsona hödürlenýär, ýöne ol bu teklipden boýun gaçyrýar. Şondan soň taslama Kianu Riwz goşulýar. Filmiň beýleki aktýorlary barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
Filmiň prodýuseri Warner Bros. kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Jeff Robinow bolar. Ol mundan ýigrimi ýyldan gowrak wagt ozal Greg Fispatrigiň ssenarisiniň ilkinji gezek satylmagyna gatnaşypdy. Filmiň täze görnüşi üçin ssenarini Mark Biankulli gaýtadan işlär.