Fransiýada 17–18-nji oktýabrda bolup geçen köpçülikleýin talaňçylyklar we weýrançylyklar zerarly zyýan çeken kiçi dükanlaryň, dermanhanalaryň, kafeleriň we restoranlaryň eýelerine kömek bermek üçin pul ýygnamak çäresi başlandy.
Birnäçe günüň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde bolan bidüzgünçilikler sebäpli 3000-e golaý söwda nokadyna zeper ýetdi. Käbir telekeçiler bolsa ençeme ýyllap zähmet siňdiren işinden mahrum boldular diýip, Meduza neşiri habar berýär.
Iň köp üns çeken wakalaryň biri Pariždäki «Lyca Mobile» atly kiçi dükanyň eýesi Hasan Robiul bilen bagly boldy. Döwlen dükanyň aýnasynyň öňünde başyny aşak salyp oturan adamyň suratlary we wideolary sosial ulgamlarda giňden ýaýrady. Leetchi platformasynda birnäçe günüň içinde onuň üçin 90 müň ýewrodan gowrak pul ýygnaldy. Robiul bolsa, özi üçin pul ýygnamak çäresiniň başlanandygyny-da bilmändir.

Respublika meýdançasynyň golaýynda ýerleşýän «La Barrique» atly bar-restoranyň eýesi Alin Li üçin hem kömek puly ýygnalýar. Bidüzgünçilikler wagtynda talaňçylar restorana kürsäp girip, onuň içini ýykan-ýumran etdiler we otladylar. Şonda, hatda restoranyň eýesine-de hüjüm edildi.
Talaňçylaryň hereketlerinden başga-da köp telekeçi zyýan çekdi. Pariždäki Odeli Sitbonyň dermanhanasy iki günüň dowamynda iki gezek talandy. Dermanhanaçy soňky alty ýylyny öz işine bagyşlandygyny, hepdede 60–70 sagat zähmet çekendigini gürrüň berdi.
«Adamyň bütin ömrüni bagyşlan zähmetiniň bary-ýogy 20 sekundyň içinde ýok edilişini görmekden çökder zat ýokdyr» diýip, dermanhananyň eýesi derdini paýlaşýar.
Birnäçe dükanyň eýesi Assiýa Sana olary talaňçylardan goramak üçin 10-a golaý işgäri bilen nobatçylyk etdi. Bu hem dükanlara uly zyýanyň ýetmeginiň öňi alyndy. Emma 18-nji oktýabrda, ýekşenbe güni, Assiýa biraz arkaýynlaşyp, işgärleriniň köpüsine öýlerine gitmäge rugsat berdi. Netijede, agşama çenli onuň ýedi söwda nokadynyň hemmejesi talandy.
Sosial ulgamlarda Assiýanyň elinde demir taýak bilen dükanyň gapysynda durup, bidüzgünçilige gatnaşýanlara gygyryp ýüzlenýän wideosy hem ýaýrady. Onuň wideoda: «Men 54 ýaşymda! Siziň bu edýäniňiz näme?» diýip, nägilelik bilen gygyrýandygyny görmek bolýar.

Lion şäherinde bolsa maşgala zergärçilik dükanynyň eýesi Mari Şoke talaňçylaryň şaý-sepleri, seýfi we jübi telefonlaryny alyp gidişini bialaç, hiç zat edip bilmän synlamaly boldy. Çagyryşa polisiýa işgärleri-de gelmedi. Dükanyň ätiýaçlandyryşy bar bolsa-da, Şokeniň aýtmagyna görä, dükany dikeltmek üçin zerur bolan ilkinji çykdajylary ol adamsy bilen öz jübülerinden tölemeli bolar.
Fransiýanyň häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, bidüzgünçilikler wagtynda 2 müň 300-den gowrak adam saklandy. Jemgyýetçilik tertibini goramak üçin ýurduň dürli künjeklerine 60 müňe golaý polisiýa işgäri çekildi. Emma käbir ýerlerde bu-da ýeterlik bolmady.
Fransiýanyň hökümeti bidüzgünçilikler zerarly maddy zyýan çeken telekeçilere ýardam etjekdigini wada berdi.