Mandelany gorady we aparteide garşy göreşdi: Nawi Pilleý parahatçylyk boýunça Nobeliň eýesi boldy

Düýn, 07:292,502
1 / 3

Günorta afrikaly hukukçy we hukuk goragçysy Nawanethem «Nawi» Pilleý parahatçylyk boýunça 2026-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýesi boldy. Norwegiýanyň Nobel komiteti ony «parahatçylygy we halkara hukugy berkitmek boýunça tagallalary», şeýle hem kanunyň hökmürowanlygy ýörelgesini yzygiderli gorandygy üçin sylaglady.

Pilleý 1941-nji ýylda Durbanda hindi tamilleriniň maşgalasynda dünýä indi. Ol Günorta Afrikada kemsitmeler we jyns taýdan bölünişik bilen ýüzbe-ýüz bolandan soň, hukukçy bolmak kararyna geldi. Karýerasynyň başynda ol Nelson Mandelany we aparteidiň beýleki garşydaşlaryny gorady, soňlugy bilen bolsa harby jenaýatlar, adamzada garşy jenaýatlar we genosid baradaky işlere seretmäge gatnaşdy.

Ol Günorta Afrikanyň Ýokary kazyýetiniň, Ruanda boýunça Halkara jenaýat tribunalynyň we Halkara jenaýat kazyýetiniň kazysy bolup işledi. 2008–2014-nji ýyllarda Pilleý BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary wezipesini eýeledi. Ol, şeýle hem Palestina çäklerindäki ýagdaýlary derňemek boýunça BMG-niň Garaşsyz halkara komissiýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Häzirki wagtda Pilleý BMG-niň Halkara kazyýetinde Mýanmany rohinja musulmanlarynyň genosidinde aýyplaýan işiň derňewine gatnaşýar.

Nobel komiteti Pilleýiň karýerasynyň dowamynda döwletleri we olaryň ýolbaşçylaryny jogapkärçilige çekmek barada çykyş edendigini we zorluklaryň hem ýaragly çaknyşyklaryň pidalarynyň hukuklaryny gorandygyny nygtady.

Nobel baýraklaryny gowşuryş dabarasy 10-njy dekabrda — baýragy esaslandyryjy Alfred Nobeliň aradan çykan gününde geçiriler. Parahatçylyk baýragy Osloda, galan baýraklar bolsa Stokgolmda gowşurylar.