Döwletliler köşgündäki we Arkadag şäherinde bejergi alýan çagalara sowgatlar gowşuryldy

Şu gün, 11:532,430

Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hem-de Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan körpelere Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan süýjülikli sowgatlar gowşuryldy.

Bu sowgatlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäginde paýlanyldy. Dürli süýjüliklerden, Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja önümlerinden, ir-iýmişlerden hem-de çörek önümlerinden ybarat sowgatlary çagalar uly şatlyk bilen kabul etdiler.

Olar özleri hakda edilýän üns-alada üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar öz hoşallyklaryny aýdym-sazly çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler.