35 atly Mary welaýatyna ýetdi

Düýn, 21:363,624

Ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji noýabrda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 35 atlynyň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişine badalga berildi. Bu ýörişe ýurduň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ýigitler gatnaşýar.

Atly ýörişiň üçünji gününde — 14-nji noýabrda atlylar gadymy Mary welaýatynyň çägine girdi. Olar bu ýerde öz ýollaryny dowam edip, Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň golaýynda gurnalan ikinji düşelgä geldi.

Ýöriş üçin kesgitlenilen umumy aralyk 1 müň 755 kilometr bolup, şolaryň 108 kilometri Lebap, 461 kilometri Mary welaýatlarynyň, 473 kilometri Ahal, 33 kilometri Daşoguz welaýatlarynyň, şeýle hem 680 kilometri Balkan welaýatynyň çäginden geçýär.

Meýilnama laýyklykda, 15-nji noýabrda atlylar Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda gurnalan üçünji düşelgä geler.

Belläp geçsek, bu atly ýöriş Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan 2026-njy ýylda ýurtda we daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alýar.