13-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze 2027-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, bu meselä Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň hasabatynyň dowamynda üns çekildi.
Döwlet Baştutany her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygaryny yglan etmegiň we nyşanyny kabul etmegiň asylly däbe öwrülendigini aýtdy hem-de bu mesele boýunça deputatlaryň halk bilen maslahatlaşmalydygyny nygtady.
Şeýle-de mejlisiň barşynda D.Gulmanowa milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda», «Elektron söwda hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Arbitraž iş ýörediş, Sanitariýa kodekslerine, «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we hereket edýän beýleki birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.