16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler

Şu gün, 10:25647

Şu ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, baýragyň gowşurylyş dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler.

Bäsleşige ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenildi. Olaryň arasyndan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda we oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar bu baýraga mynasyp görüldi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.