COP31-iň çäginde Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi tanyşdyryldy

Şu gün, 16:53170
1 / 2

13-nji noýabrda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde Türkmenistanyň pawilýonynda möhüm halkara başlangyçlara bagyşlanan iki sany tematiki sessiýa guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

«Innowasiýalardan amaly hereketlere: Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň döredilmegi» atly sessiýa Merkezi Aziýa döwletleriniň, BMG-niň ulgamynyň edaralarynyň hem-de ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Çärede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň COP31 Liderler sammitinde Aşgabatda ýerleşjek Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň 2027-nji ýylda öz işine başlajakdygy baradaky bildirişine aýratyn üns çekildi. Sessiýanyň dowamynda täze Merkeziň konsepsiýasy tanyşdyrylyp, onuň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howa şertlerine durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek we sebit taslamalary üçin halkara maliýeleşdirmesini çekmek ýaly ileri tutulýan iş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün geçirilen «Awazadan Antalýa: howa hereketleriniň ilerledilişi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi» atly tematiki sessiýa bolsa 2024–2034-nji ýyllar üçin kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine bagyşlandy.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň giriş sözi bilen açylan bu duşuşykda Butanyň, Gyrgyzystanyň, Boliwiýanyň, Botswananyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň, şeýle hem FAO, ÝHHG hem-de Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy ýaly abraýly düzümleriň wekilleri çykyş etdi.

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatyndaky çemeleşmeleri, şeýle-de maliýe serişdelerini çekmek, tehnologik goldawy bermek we bilelikdäki howa taslamalaryny taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Çäräniň dowamynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa ýagdaýlaryna, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmagyň, howany maliýeleşdirmäge we häzirki zaman tehnologiýalary geçirmäge elýeterliligi giňeltmegiň meselelerine seredildi.