Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli iş kesilen 1 054 raýatyň günäsi geçildi. Degişli Permana şu gün Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Prezident ýurtda jenaýat eden, ýöne eden etmişlerine ökünen raýatlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlaryň öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin, olary tussaglykdan boşatmagy tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur çäreleri geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutany günäsi geçilen raýatlara yhlasly zähmet çekmegi, Watana ak ýürekden hyzmat etmegi we halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.