Kanadaly şahyr Enn Karson Nobel baýragynyň eýesi boldy

Şu gün, 17:12154
1 / 2

Kanadaly şahyr, esseçi, terjimeçi we filolog Enn Karson edebiýat boýunça 2026-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýesi boldy. Şwesiýanyň Akademiýasy bu çözgüdi 8-nji oktýabrda yglan etdi.

Baýrak Karsona «nusgawy däp-dessurlar bilen degişmeli söhbet arkaly häzirki zaman edebiýaty üçin täze görnüşleri döreden batyrgaý we oýlap tapyjy döredijiligi üçin» rowa görüldi.

Enn Karson 1950-nji ýylyň 21-nji iýunynda Torontoda dünýä indi. Ol Toronto uniwersitetini tamamlap, nusgawy edebiýat ugry boýunça bakalawr we magistr derejelerini aldy hem-de gadymy grek şahyry Sapfonyň döredijiligi boýunça dissertasiýa gorady. Şeýle hem ýazyjy Sent-Endrýus uniwersitetinde bilim aldy. Soňlugy bilen Kanadanyň we ABŞ-nyň uniwersitetlerinde nusgawy dilleri we edebiýaty okatdy.

Karsonyň eserlerinde antik mifologiýasy we nusgawy edebiýat häzirkizaman sýužetleri hem-de görnüşleri bilen utgaşýar. Ol şygryýeti, kyssany, essäni we beýleki sungatlary arkaýyn garyşdyrýar, şeýle hem gadymy grek awtorlaryny — Simonidi, Sapfony, Eshili, Sofokly we Ýewripidi terjime edýär.

Karsonyň iň meşhur kitaplarynyň arasynda «Gyzylyň awtobiografiýasy» (Autobiography of Red), «Iş wagtyndan daşary adamlar» (Men in the Off Hours) we «Ýaratmazlyk» (Decreation) eserleri bar.

«Gyzylyň awtobiografiýasy» atly goşgy bilen ýazylan romanda ýazyjy nägehan Gerion we Gerakl baradaky antik rowaýaty täzeçe işläp, ony ulalmak we söýgi baradaky häzirkizaman taryhyna öwürdi.

Şeýle hem Karson edebiýatyň we sungatyň beýleki görnüşleriniň sepgidinde birnäçe eser döretdi. 2010-njy ýylda ol aradan çykan doganyna suratlar, hatlar we tekstler bilen gutujyk görnüşinde bezelen «Noks» (Nox) kitabyny neşir etdi. Bu eser — ýatlama, gussa we hatda iň ýakyn adamyňy hem doly tanamagyň mümkin däldigi baradaky oýlanmadyr. 2016-njy ýylda islendik tertipde okap bolýan 22 sany aýratyn kitapdan ybarat «Float» (Float) neşir edildi.

Karsonyň iň soňky uly işi bolan «Nädogry kada» (Wrong Norma) 2024-nji ýylda çykdy.

Ýazyjy birnäçe edebi baýraklaryň, şol sanda Puşkart, Griffin we T.S.Eliot baýraklarynyň, şeýle hem şahyrana terjimesi üçin PEN baýragynyň eýesi boldy. 2005-nji ýylda ol Kanada Ordenine mynasyp boldy, 2020-nji ýylda bolsa edebiýat ugrunda Asturiýa şa gyzynyň baýragyny aldy.

Karsonyň eserleri köp dillere terjime edildi.

Geçen ýyl edebiýat boýunça Nobel baýragyny «apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin» wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai alypdy.