Fantastika žanrynda eser döredýän britaniýaly ýazyjy M.Jon Harrison 2026-njy ýylyň Buker baýragynyň eýesi boldy. BBC-niň habar berşi ýaly, oňa bu baýrak näbelli betbagtçylykdan soňky dünýäde bolup geçýän wakalary gürrüň berýän «The End of Everything» («Bar zadyň soňy») romany üçin berildi.
81 ýaşly Harrison bu baýragyň taryhynda iň ýaşuly laureat boldy. Öňki ýaş rekordy 2019-njy ýylda 79 ýaşynda Buker baýragyny alan Margaret Etwuda degişlidi.
Şeýle hem Harrison baýragyň ylmy fantastika dünýäsinden çykan ilkinji eýesi boldy. Onuň eserleri heniz 1960-njy ýyllarda «New Worlds» žurnalynyň sahypalarynda çap edilip başlandy, soňra ol bu ýerde kitap bölüminiň redaktory bolup işledi. Ýazyjy jemi 13 sany roman ýazdy. Onuň iň meşhur eserleriniň arasynda «Wirikonium» toplumy, şeýle hem «Ýagtylyk» we «Nowa Swing» romanlary bar.
Harrisonyň özi döredijiliginiň haýsy hem bolsa bir aýratyn žanra degişli edilmegini halamaýar. Baýragy alanyndan soň, oňa ýazyjynyň eserleri bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolýan okyjylara näme aýtmak isleýändigi barada sorag berildi.
«Biz garaňky dünýäde ýaşaýarys we ol garaňky bolmagynda galar. Munda örän geň zat bar, – diýip, ýazyjy jogap berdi. – Ýöne ähli zat gutaranda, bize nähilidir bir – umyt ýa-da ruhy rahatlyg-a diýip bilmerin, ýöne nähilidir bir aramlyk garaşyp biler».
Buker baýragynyň gaznasynyň ýolbaşçysy Gebi Wud ony «hakyky özboluşly pikir ýörediji» hem-de öz žanryny kemala getiren we ideýalara çynlakaý çemeleşýän ýazyjy hökmünde häsiýetlendirdi.
«Bar zadyň soňy» romany betbagtçylykly wakadan we Ýerde syrly bir özge planetalylar peýda bolandan soň, Günorta-Gündogar Angliýanyň kenarynda ýaşaýan adam we onuň daýzasy barada gürrüň berýär. Harrison heläkçilikden öň nämäniň bolandygyny bilgeşleýin jikme-jik beýan etmekden saklandy, ol okyjynyň gahrymanlar bilen birlikde şol alasarmyk haly başdan geçirmegini isledi.
Bu ýylky eminler toparynyň başlygy Meri Bird bu romanyň heläkçiligiň dowamynda bolup geçýän zatlara düşünmegiň näderejede kyn bolandygyny görkezýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, onuň aýtmagyna görä, kitapda «optimizmiň köp sanly uçgunjyklary» hem bar.