Britan aktýory Robert Pattinson Jeýms Bond baradaky täze filmde agent 007-niň roluna tassyklanyldy. Bu barada Amazon-MGM kompaniýasy yglan etdi.
40 ýaşly Pattinson Londonda doguldy. Onuň ilkinji uly roly 2005-nji ýylda çykan «Harri Potter we Alaw kubogy» filmindäki Sedrik Diggori bolupdy. Ol wampirler baradaky «Alagaraňkylyk» («Twilight») filmlerinde Edward Kalleniň keşbinden soň giňden tanalyp başlandy. Mundan başga-da, ol 2022-nji ýylda Betmeniň roluny ýerine ýetirdi, şeýle hem «Delil» («Tenet»), «Mikki 17», «Öl, meniň söýgim» (Jennifer Lourens bilen bilelikde), «Ine, bu drama!» (Zendaýa bilen bilelikde) we «Praým-taým» filmlerinde düşdi.
Şu ýyl aktýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminde hem peýda boldy we onda Odisseýiň esasy garşydaşlarynyň biri bolan Antinoýyň keşbini ýerine ýetirdi.
Täze Bonduň roluna dalaş eden aktýorlaryň hatarynda Robert Pattinsondan başga-da Nikolas Holt bilen Kallum Törner bardy.
«Jeýms Bond — kinematografiýanyň iň rowaýaty gahrymanlarynyň biri, bu roly maňa ynanmaklary bolsa meniň ömürboýy buýsanjym» diýip, Pattinson rola bellenendigi yglan edilenden soň aýtdy.
Täze film Bond baradaky 26-njy resmi film bolar. Onuň režissýory «Alaň» trilogiýasy bilen tanalýan Deni Wilnýow bolar. Filmiň ady häzirlikçe yglan edilmedi. Ol 2028-nji ýyldan ir ekrana çykmaz.
Pattinsondan öň Jeýms Bonduň keşbini alty aktýor ýerine ýetiripdi: Şon Konneri, Jorj Lezenbi, Rojer Mur, Timoti Dalton, Pirs Brosnan we Deniel Kreýg.