Ridli Skott we Glenn Klouz «Oskar» hormat baýragyna mynasyp boldy

Şu gün, 10:19358
1 / 3

Los-Anjelesde her ýyl geçirilýän 17-nji «Governors Awards» dabarasy boldy, onda režissýor Ridli Skott, aktrisa Glenn Klouz we animator Floýd Norman «Oskar» hormat baýragy bilen sylaglandy. Bu barada «The Hollywood Reporter» habar berýär.

Ridli Skott ýakynda geçiren lukmançylyk bejergisi sebäpli dabara gaýybana gatnaşdy. Mundan öň onuň filmleriniň dokuzysy «Oskar» baýraga mynasyp bolsa-da, režissýoryň özünde häzire çenli bu heýkeljik ýokdy.

Dabarada režissýor «Deža wýu», «Top Gan», «Eýgertmezek» filmlerini goýan merhum dogany Toni Skotty hem ýatlady.

«Bu baýragy almak meniň üçin uly mertebe we buýsanç, ýöne men ony Toniniň adyndan hem kabul edýärin. Onuň ajaýyp zähmeti, gürrüňsiz, bu ykrarnama mynasypdy» diýip, Ridli Skott aýtdy.

79 ýaşly Glenn Klouz sekiz gezek «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezilipdir, ýöne ýekeje gezek hem bu baýragy almandyr. Aktrisa «Howply meýil», «Howply aragatnaşyklar» we «101 dalmatin» filmleri bilen tanalýar.

Irwing Talberg adyndaky baýraga prodýuserler Kristin Waçon we Pamela Koffler mynasyp boldy.

Dabara Kristofer Nolan, Zendaýa, Tom Holland, Şarliz Teron, Emma Stoun we kino sungatynyň beýleki wekilleri gatnaşdy.

«Governors Awards» Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasynyň hormat baýraklaryny gowşurmak üçin her ýyl geçirilýän dabaradyr.