«Ebenezer» filmi ilkinji dynç günlerinde $42 million girdeji gazandy

Şu gün, 16:18488
1 / 2

Jonni Deppiň baş keşbi janlandyran «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» («Ebenezer: A Christmas Carol») filmi dünýä kinoprokatynda ilkinji dynç günleriniň netijeleri boýunça 42 million dollar girdeji gazandy. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär.

Film ABŞ-nyň we Kanadanyň 3 535 kinoteatrynda görkezilip, 19 million dollar girdeji toplady. Şeýlelikde, ol bäsdeşlerinden — «Şlýapaly pişik» (The Cat in the Hat) we «Godzilla: Minus nol» (Godzilla: Minus Zero) filmlerinden öňe geçdi. Galan 23 million dollar bolsa beýleki ýurtlardaky görkezilişlerden gazanyldy.

Film Awstraliýa, Braziliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Meksika, Ispaniýa we Beýik Britaniýa ýaly jemi 63 ýurtda tomaşaçylara ýetirildi. Rotten Tomatoes-da bolsa film tankytçylaryň 54% oňyn bahasyny aldy.

Paramount Pictures kinostudiýasy filmiň önümçiligine 38 million dollar sarp etdi.

Çarlz Dikkensiň «Roždestwo aýdymy» powestiniň esasynda düşürilen filmiň režissýory Taý Westdir. Ebenezer Skrujyň keşbini Jonni Depp janlandyrýar. Filmde onuň bilen birlikde Ien Makkellen, Rupert Grint, Deýzi Ridli, Andrea Raýsboro we Sem Klaflin dagy hem surata düşdüler.

«Ebenezer» Jonni Deppiň 2018-nji ýylda «Hyýaly mahluklar: Grindelwaldyň jenaýatlary» filminden soň, sekiz ýylyň dowamynda ilkinji ýerine ýetiren uly keşbidir. Çünki Ember Hýord bilen baglanyşykly kazyýet jedelleri sebäpli, köp sanly kinostudiýa aktýor bilen hyzmatdaşlygyny bes edipdi.