«Men Rokkini oýnaýan» (I Play Rocky) filmi Rotten Tomatoes-da 100-den gowrak tomaşaçynyň bahalandyrmasy esasynda 97 göterim oňyn netije gazandy. Şeýle-de ol 104 synyň netijesinde tankytçylaryň 88 göteriminiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Filmde Silwester Stalloneniň boksçy Rokki Balboa baradaky ssenarisini ýazyşy we baş keşbi ýerine ýetirmek mümkinçiligini gazanmak üçin eden tagallalary beýan edilýär. Filmdäki Stalloneniň keşbini Entoni Ippolito janlandyrýar.
Filmiň režissýory Piter Farrelli, aktýorlar düzümine bolsa Mett Dillon, Annasofiýa Robb we Stefan Jeýms dagy girdi.
«Men Rokkini oýnaýan» filmi ABŞ-da 6-njy noýabrda çäkli prokatda görkezilip başlandy. Köpçülikleýin prokata bolsa 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykar.
«Rokki» filmi 1976-njy ýylyň iň köp girdeji gazanan filmleriniň biri bolupdy. Ol «Oskar» baýragynyň 10 ugry boýunça dalaşgär görkezilip, «Iň gowy film», «Iň gowy režissýor» we «Iň gowy montaž» ugurlarynda üç baýragy gazanypdy. Bu film Silwester Stalloneni dünýä belli ýyldyza öwürdi.