Ed Şiran Şahruh Hanyň täze filmi üçin hindi dilinde aýdym ýazyp, rekord goýdy

Düýn, 19:253,850
1 / 2

Beýik britaniýaly aýdymçy Ed Şiran Bolliwud üçin ilkinji aýdymyny çykardy. «Tu Mil Jaaye» atly bu aýdym Şahruh Hanyň baş keşbi janlandyrýan «King» («Şa») atly täze filmine niýetlendi.

Ol çykan ilkinji gününde dürli platformalarda 60 milliondan gowrak gezek görlüp, hindi filmleriniň aýdymlarynyň arasynda täze rekord goýdy.

Şiran bilen Şahruhyň hyzmatdaşlygy aýdymçynyň Mumbaýa saparynyň dowamynda döredi. Şiran Şahruh Hanyň öýüne myhmançylyga baranda, oňa 2025-nji ýylda hindi aýdymçysy Arijit Singh bilen bilelikde ýazga geçiren «Sapphire» atly aýdymynyň şekilli görnüşinde surata düşmegi teklip edipdir.

«Şahruh bilen ilkinji gezek duşuşanymda, ol maňa özüniň indiki filmi üçin aýdym ýazmalydygymy we onuň Bolliwud üçin ilkinji eserim boljakdygyny aýtdy» diýip, Şiran Instagram sahypasynda ýazýar.

Şahruh aýdymçyny kompozitor Saçin–Jigar bilen tanyşdyrypdyr. Şiran şol günüň özünde täze aýdym üçin bölegi ýazga geçiripdir.

Onda Ed Şiran hindi dilinde aýdym aýdyp, iňlis dilinde rep ýerine ýetirýär. Aýdymy ýazga geçirmäge Arijit Singh hem gatnaşdy.

Şahruh Han aýdymçy dostuna bu işi üçin minnetdarlyk bildirip, aýratyn-da, hindi dilinde ýerine ýetirilen böleklere ýokary baha berýär:

«Dostum, bu aýdym üçin saňa nähili minnetdarlyk bildirjegimi-de bilemok. Esasan-da, hindi dilinde ýerine ýetiren bölekleriň üçin. Men seni gowy görýärin».

«King» filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 24-nji dekabryna meýilleşdirilýär.