Režissýor Jeýms Gann we prodýuser Piter Safran 1-nji dekabrda DC Studios kinostudiýasynyň baş ýerine ýetiriji direktorlary wezipesinden gider. Olaryň ornuna bolsa prodýuser Jeremi Latçem bellener diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.
Jeýms Gann bilen Piter Safran 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri DC Studios-a ýolbaşçylyk edip gelýärler. Olar DC älemindäki filmleri we seriallary täzeden ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary yglan edipdiler. Emma meýilleşdirilen taslamalaryň diňe bir bölegini durmuşa geçirmegi başardylar. Olaryň ýolbaşçylygynda üç film — «Supermen», «Supergirl» we «Toýunýüz» (Clayface), şeýle hem üç serial — «Pingwin», «Araçy» serialynyň ikinji möwsümi we «Fonarlar» tomaşaçylara hödürlendi.
Gann bilen Safranyň wezipesinden gitmegi DC Studios-yň eýesi bolan Warner Bros. kompaniýasynyň eýeçiliginiň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýar. Bir aý ozal Warner Bros. Oracle kompaniýasyny esaslandyran Larri Ellisonyň ogly Dewid Ellisonyň eýeçiligindäki Paramount Skydance kompaniýasynyň düzümine geçipdi. Gann bilen Safran bu wezipeden mejbury gitdilermi ýa-da öz islegleri bilenmi, häzirlikçe belli däl.
Olaryň ornuna geljek Jeremi Latçem 2004–2017-nji ýyllarda bäsdeş Marvel Studios kinostudiýasynda işledi. Ol bu ýerde «Demir adam» we «Ar alyjylar» filmleriniň döredilmegine gatnaşdy. Mundan başga-da, Latçem Gann bilen bilelikde 2014-nji ýylda surata düşürilen «Galaktikanyň goragçylary» filminiň ilkinji bölüminiň üstünde işledi. Marvel-iň bu komediýa äheňdäki söweşli filmi Jeýms Ganny Golliwudyň meşhur režissýorlarynyň birine öwürdi.