Kriştianu Ronaldu ilkinji filmine prodýuserlik etdi

Düýn, 16:404,134

Portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldu britaniýaly režissýor Metýu Won bilen bilelikde özüniň ilkinji doly göwrümli filminiň prodýuseri hökmünde çykyş etdi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

«Stuntnuts» atly film başdan geçirmeleri we gülküli wakalary özünde jemleýän söweşli komediýa žanrynda surata düşürildi. Film iki kaskadýoryň başdangeçirmeleri barada gürrüň berýär. Baş keşpleri Marvel-iň filmlerindäki Toryň roly bilen tanalýan Kris Hemswort we «Oskar» baýragynyň eýesi Sem Rokwell ýerine ýetirýär.

Ronaldu filmde kiçi keşpleriň birini ýerine ýetirmegi aktýor Mett Deýmona hem teklip edipdir.

Ýakyn günlerde «Stuntnuts» filmi ABŞ-da her ýyl geçirilýän American Film Market (AFM) kino bazarynda potensial alyjylara hödürlener. Filmi döredenler iri halkara distribýutor kompaniýa ýa-da onlaýn görkezýän hyzmatlaryň biri bilen uly şertnama baglaşmagy maksat edinýär.

41 ýaşly Ronaldu ýaňy-ýakynda Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi. Häzirki wagtda ol Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edýär.